Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistana resmi saparyny tamamlap, Duşenbeden Watanymyza dolandy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

 

Türkmen halkynyň Milli Liderini Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon ugratdy.

 

Belläp geçsek, Gurbanguly Berdimuhamedow 4-5-nji aprelde Täjigistana iki günlük resmi saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekildi.

 

Şeýle-de saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Emomali Rahmon «Dostluk agşamy» atly bilelikdäki konserte tomaşa etdiler.