Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Duşenbede iş maslahatyny geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde, 5-nji aprelde Duşenbede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadag maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryň türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, bu ugurda tejribe alyşmagyň, iki halkyň medeni mirasyny öwrenmegiň, olaryň özboluşly däp-dessurlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri dürli ulgamlarda, şol sanda oba hojalygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýdyp, ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýan ýangyç-energetika ulgamynda özara gatnaşyklar meselesine degip geçip, Gahryman Arkadag bu babatda ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik düzümleriniň işine innowasion usullary we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegine aýratyn üns bermegiň, şeýle hem gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.

Iş maslahatynyň barşynda ulag ulgamynda türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, şu maksatlar bilen Gündogar --- Günbatar we Demirgazyk --- Günorta ugurlarynyň çatrygynda, häzirki döwürde täze taryhy şertlerde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerine garaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistan Respublikasy bilen köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde şähergurluşyk ulgamynda, şol sanda “akylly” şäherler konsepsiýasyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Gahryman Arkadag Duşenbe şäherinde geçirilen türkmen-täjik işewürler maslahatynyň ähmiýetini nygtap, duşuşygyň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň hem-de täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň wajypdygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistan Respublikasy bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşine hem-de geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilmelidigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Maglumat çeşmesi: turkmenportal.com