Azerbaýjanyň parom-gämisi Türkmenbaşynyň deňiz portuna ilkinji ýüzüşini amala aşyrdy

     Ro-Pax görnüşli Azerbaýjanyň «Zarifa Aliýewa»parom-gämisi Türkmenbaşynyň deňiz portuna özüniň ilkinji ýüzüşini amala aşyrdy.

 

Gämi «Azerbaýjan Hazar deňiz gämiçiligi» ÝGPJ-niň buýurmasy boýunça Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynda (ASCO) guruldy. Onuň uzynlygy 154,5 metre, ini - 17,7 metre, beýikligi 7,5 metre deňdir. Gämi birwagtyň özünde 100 ýolagçyny, 56 wagon-sisternany ýa-da 50 sany ýük awtoulagyny özi bilen äkidip bilýär.

 

Häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan gämide ýük göteriji lift, dikuçar meýdançasy, tolkunlarda gämini durnuklaşdyryjy ulgam bar.