Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-täjik ynsanperwer gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmakda parlamentleriň ornuny pugtalandyrmagy teklip etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbä resmi saparynyň jemleýji gününde Täjigistanyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, täjik parlamentiniň aşaky palatasynyň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle-de ol türkmen halkynyň Milli Liderini halkara statusyna eýe bolan Nowruz baýramy bilen gutlady.
Duşuşykda söwda-ykdysady ulgam türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Bellenilişi ýaly, söwda, ulag, energetika, senagat, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Türkmenistanyň bu ugurda netijeli dialogy mundan beýläk-de giňeltmäge, hususan-da, ylym we bilim, saglygy goraýyş, ekologiýa, sebitara gatnaşyklar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşmalaryň barşynda bellenilişi ýaly, milli parlamentleriň ugry boýunça gatnaşyklara netijeli türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm orun berilýär.
Häzirki zaman şertlerinde parlament diplomatiýasy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Nygtalyşy ýaly, kanun çykaryjy edaralaryň hyzmatdaşlygynda gazanylan üstünlikler we toplanan tejribe parlament diplomatiýasynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň duşuşyklaryny, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäreleri yzygiderli geçirmek, parlament wekiliýetleriniň özara saparlaryny amala aşyrmak arkaly, bu ulgamda gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygy beýan edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmen-täjik parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygyny belläp, ýakyn wagtda onuň nobatdaky mejlisini geçirmegi teklip etdi. Şeýle-de derwaýys ugurlar boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek meseleleri babatda özara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de tejribe alyşmak teklip edildi. Gahryman Arkadag bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen we täjik halklarynyň medeni mirasynyň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy esasynda ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda parlamentleriň ornuny pugtalandyrmagy teklip etdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Täjigistanyň parlamentarileriniň köptaraply meýdançalarda --- Parlamentara birleşigiň Assambleýasynyň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň, Aziýanyň Parlament Assambleýasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament birleşiginiň, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlamentara forumynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Şunda taraplaryň bu ugurda mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistanyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzodany we täjik Parlamentiniň agzalaryny Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Maglumat çeşmesi: turkmenportal.com