Türkmenistanyň Prezidenti halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türkmen türgenlerine gutlag iberdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başaran Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine gutlag iberdi. Ýurtda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, olary sylaglamak dabarasy geçiriler.
"Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:
"Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly türgenler!
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döwrüň ruhuna we talaplaryna laýyklykda, Türkmenistanyň halkara sport abraýy täze derejelere ýetirilýär. Ýurdumyzda halkyň saglygyny berkitmek, ýaşlary sporta çekmek arkaly beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini, ösen milli sport ulgamyny rowaçlandyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegi we sportuň dabaralandyrylmagy milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly jebisleşdiriji güýje öwrüldi.
Hormatly adamlar!
Türkmenistanda sport babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygy alyp barmagyň ygtybarly esaslary ýola goýuldy. Bu ugurda 60-dan gowrak döwlet bilen ikitaraplaýyn esasda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hereketleri düzgünleşdirilip, döwlet Baştutanlarynyň saparlarynyň dowamynda kabul edilýän Jarnamalarda we Beýannamalarda, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki hökümetara toparlaryň jemleýji resminamalarynda hem şol meseleler öz mynasyp ornuny tapýar.
Biziň ýurdumyz diňe bir iri halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, bu ýaryşlary geçirmäge-de mümkinçiligi bolan döwlet hasaplanýar. Geçen döwrüň içinde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde köp sanly iri halkara ýaryşlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň sport ýurduna öwrülendigine şaýatlyk etdi. Ginnesiň rekordlar kitabynda iki sany desgasy orun alan Olimpiýa şäherçesinde dürli desgalaryň 40-dan gowragy gurlup, olarda türkmen türgenleriniň türgenleşmekleri üçin hemme zerur şertler döredildi.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde köpugurly stadionlaryň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, aýlawlaryň, sport mekdepleriniň we beýleki desgalaryň gurlup ulanmaga berlendigini hem bellemek gerek. Ykbalyny sporta baglan türgenlerimiz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebit we halkara derejedäki ýaryşlarda hem ata Watanymyzyň sport abraýyny belende göterip, watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Häzirki wagtda bolsa 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini toplumlaýyn esasda taýýarlamak, şeýle hem olara ýokary derejedäki amatly şertleri döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Gadyrly dabara gatnaşyjylar!
«Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» öňümizde täze wezipeleri goýmak bilen, türkmen sportuny dabaralandyrmagy, ýurdumyzy mundan beýläk-de halkara sport ýaryşlarynyň, Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap merkezine öwürmegi göz öňünde tutýar. Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr. Sport sagdynlygyň, gözelligiň çeşmesidir.
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri siziň öňüňizde sport üstünlikleriniň täze gapysyny açýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Siz ata-babalarymyzyň ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirip, halkara ýaryşlara gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny subut etmelisiňiz. Dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, eziz Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraýyny belende galdyrjakdygyňyza berk ynanýaryn.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Gadyrly türgenler!
Sizi halkara derejeli ýaryşlarda gazanan üstünlikleriňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin".
Maglumat çeşmesi: turkmenportal.com