Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde sagat 15:00-da institutymyza berkidilen Aşgabat şäherindäki 37-nji, 68-nji, 72-nji, 76-njy we 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebinden institutymyza okuwa girmäge isleg bildirýän gutardyş synp okuwçylaryny, 10-njy maýynda sagat 15:00-da ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we institutymyza okuwa girmäge isleg bildirýän raýatlary «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

 

«Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, institutyň durmuşy baradaky stendler we wideofilm bilen, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Ýaş diplomatlar merkezi, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanşyp bilerler.

Welaýatlardan okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler üçin:

Balkan welaýaty – 08-09.04.2024 we 22-23.04.2024 – «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi;

Daşoguz welaýaty – 08-09.04.2024 we 22-23.04.2024 – Türkmen oba hojalyk institutynda;

Lebap welaýaty – 08-09.04.2024 we 22-23.04.2024 – Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;

Mary welaýaty – 08-09.04.2024 we 22-23.04.2024 – Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Açyk gapylar» güni geçiriler.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheri, Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 22-02-63.

Maglumat almak üçin institutyň web-saýty: www.iirmfa.edu.tm