Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly boýunça Hindistandan Almaty şäherine ýük daşama ýola goýdy

Halkara Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň (INSTC) gündogar şahamçasyny ösdürmek üçin täze hyzmat ýola goýuldy: Gazagystanyň KTŽ milli demir ýol kompaniýasynyň multimodal bölümi bolan KTZ Express Türkmenistan bilen  Özbegistanyň üstünden Hindistandan Gazagystana künji tohumyny iberýär.

 

Harytlar Hindistanyň günbataryndaky Mundra portundan Gazagystanyň günorta-gündogaryndaky Almaty şäherine geçiriler. KTŽ-nyň habaryna görä, bu hyzmat Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesiniň ösüş meýilnamasynyň bir bölegidir.

 

Bu geçelge Mumbay bilen Moskwany birleşdirýän INSTC gündogar şahamçasynyň bir bölegidir.

 

KTŽ-nyň berýän maglumatlaryna görä, bu ugur boýunça ýol, takmynan 20 güne deň. Ilki bilen harytlar Mundra portundan Eýranyň Bender-Abbas portuna çenli deňiz bilen syýahat eder. Ondan beýläk konteýnerler demir ýol bilen hereket eder we Eýranyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň üsti bilen Almaty şäherine geçer.

 

INSTC bilen meşgullanýan kompaniýalaryň köpüsi geçelgäniň gündogar şahasynyň ösdürilmegini goldaýarlar. Mysal üçin, 2022-nji ýylyň dekabrynda Russiýanyň demir ýollary INSTC-iň gündogar tarapy boýunça haryt daşamak kararyna gelen operatorlar üçin 20% arzanladyş yglan etdi. Bu arzanladyş diňe Russiýa-Gazagystan serhet geçelgelerinden, şeýle hem Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Bolaşak-Serhetýaka serhedinden geçýän konteýnerlere degişlidir.

 

INSTC-iň gündogar şahasy Russiýany hazarýaka, Pars aýlagynyň ýurtlary, Merkezi, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa döwletleri bilen baglanyşdyrýan tor bolup durýar.