Türkmenistanda 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde JIÖ 6,3 göterim derejede saklandy
Ozal habar berşimiz ýaly, 6-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda hasabatlar diňlenildi we şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.
Döwlet Baştutany mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurtda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Bu görkeziji senagat pudagynda 4,7, ulag we aragatnaşykda 6,6, hyzmatlar ulgamynda 7,6, söwda ulgamynda 8,2 göterim, oba hojalyk pudagynda bolsa 4,1 göterim boldy. Zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyryldy.
--- Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Ylym we bilim ulgamlarynda özgertmeler kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda alnyp barylýar --- diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady we ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.