Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy boldy

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan türgenleri sylaglamak dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

 

Türgenlere döwlet Baştutanynyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

 

Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlarynyň ýeňijilerine — ýurduň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Ýygnananlar döwlet Baştutanynyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

 

Köp sanly gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda dabaraly ýagdaýda 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda geçirilen halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, tapawutlanan türgenlere Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.