3 aýyň dowamynda söwda toplumynyň meýilleşdirilen işleri üstünlikli durmuşa geçirildi

3 aýyň dowamynda söwda toplumynyň meýilleşdirilen işleri üstünlikli durmuşa geçirildi.

 

Wise-premýer B.Atdaýew söwda we dokma toplumynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň telekeçilik ulgamynyň 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa 6-njy aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.

 

Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 103,8 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 101,4 göterime, Dokma senagaty ministrligi boýunça nah matalaryň önümçiligi 106,5 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 103,3 göterime, gön önümleriňki hem 109,5 göterime deň boldy.

 

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,6 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýylyň başyndan bäri birža söwdalarynyň 74-si geçirilip, 6 müň 867 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 108,3 göterim ýerine ýetirilip, sergileriň 3-si, maslahatlaryň 30-sy geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň üç aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,6 göterime, senagat önümleriniňki 107,2 göterime barabar boldy.

 

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň hem-de ilat üçin ilkinji nobatda zerur bolan beýleki harytlaryň üpjünçiligini hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi we dokma kärhanalaryny netijeli dolandyrmak, öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini, möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu ugurda degişli tabşyryklar berildi. Döwlet Baştutany birža söwdalaryna halkara tejribede ulanylýan söwda usullaryny giňden ornaşdyryp, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işlerini döwrebap guramagyň möhümdigini aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.