TDHÇB-de söwdalar: ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri ýerlenildi
Şenbe güni, 6-njy aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri ýerlenildi.
Daşarky bazarda Owganystandan telekeçiler «B» kysymly karbamidi satyn almak boýunça «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.
Türkiýeli işewürler Türkmenistanyň kompaniýalaryndan aşgarlanmadyk nah ýüplügini satyn aldylar.
Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy ABŞ-nyň 6 892 600 dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.