“Sowfraht” Hazarda türkmen we rus portlarynyň arasynda gatnawlary üpjün etmäge taýyn
Russiýa bilen Türkmenistan portlarynyň arasynda yzygiderli deňiz aragatnaşygy ýüküň daşalyş wagtyny gysgaldar we ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösmegine goşant goşar.
“Sowfraht” Hazar deňzinde Türkmenistan bilen Russiýanyň portlarynyň arasynda yzygiderli ýük daşamagy guramak işine gatnaşmaga taýyn. Bu barada "Sowfraht" paýdarlar jemgyýetiniň baş müdiriniň deňiz gatnawlary boýunça orunbasary Karen Stepanýan Russiýanyň Transport ministrliginiň, Astrahan oblastynyň, Astrahan we Olýa deňiz portlarynyň gämi gatnaw kompaniýalarynyň we ýük terminallarynyň wekilleriniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri bilen Hazar deňzinde Türkmenbaşy deňiz porty bilen rus deňiz portlarynyň arasynda yzygiderli deňiz gatnawlaryny guramak meselesi boýunça geçirilen duşuşygynda aýtdy.
Stepanýan: "Kompaniýanyň hem daşaýjy, hem-de liniýa operatory hökmünde hereket etmek üçin ähli zerur çeşmeleri we başarnyklary bar" – diýip, aýtdy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy ulag we logistika kompaniýasynyň web sahypasynda habar berilýär.
Russiýa bilen Türkmenistanyň portlarynyň arasynda yzygiderli deňiz aragatnaşygy ýüküň daşalyş wagtyny azaldar we ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösmegine goşant goşar. Gepleşikleriň netijesi boýunça Hazar deňzinde yzygiderli gämi gatnawlaryny açmak taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýol kartasyny düzmek barada ylalaşyk gazanyldy.