“Demirýollary” AGPJ materiallary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti çig mal, materiallary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-040 belgili açyk halkara tender yglan edýär

 

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

 

1. bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, dalaşgäriň hasaba alyş we tertipnama resminamalaryny, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

 

2. lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;

 

3. bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly;

 

4. Lot üçin 200 amerikan dollary möçberde (şol sanda 26,09 amerikan dollary - GBüS) tölegi tölemeli.

 

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

 

Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.

 

Bellik: ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik resminamalary kabul edilmeýär

 

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salgyda ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 55 otagda (1-nji gat) kabul edilýär.

 

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.

 

Habarlaşmak üçin telefonlar:

 

+993 12 38-34-78

 

+993 12 38-31-04

 

Faks:

 

+993 12 38-31-03

 

 Türkmenistan, ş.Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly 7