Özbegistan hem-de Gazagystan bilelikdäki demirýol kärhanasyny dörederler
Özbegistan hem-de Gazagystan Owganystan üsti demirýol ugruny ösdürmek üçin iki ýurdyň demirýol edaralarynyň arasynda bilelikdäki kärhanany döretmek barada ylalaşdylar. Bu ylalaşyk Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Hywa şäherine iş saparynyň dowamynda gazanyldy diýip, Gazagystan Lideriniň Diwanynyň metbugat gullugy habar berýär.
Iki ýurdyň baştutanlary Hytaý – Gazagystan – Özbegistan ugry boýunça ýük daşamalary amala aşyrmak maksady bilen, gazak-hytaý serhedindäki we Özbegistandaky ýük terminallaryny birek-birege özara bähbitli esasda ulanmaga bermegi ylalaşdylar.
Bu başlangyç ikitaraplaýyn söwdany ösdürmäge, ýük daşamalaryň möçberini artdyrmaga, şeýle hem günorta ugur boýunça ýük daşamalary höweslendirmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem Kasym-Žomart Tokaýew Şawkat Mirziýoýew bilen kooperirleşmek taslamalaryny tizleşdirmegiň, maýa goýum ylalaşyklary we söwda şertnamalaryny durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.