Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň strategiýalary Brýusselde guralan brifingde giňişleýin beýanyny tapdy

2024-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasy tarapyndan «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekiliniň gatnaşmagynda brifing guraldy. Brifinge Ýewropanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ylmy-seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

 

Bu ýerde Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň startegiýalary, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň innowasion mümkinçilikleri, şeýle hem, ulag-üstaşyr ugurlar boýunça ösüşler ara alyp maslahatlaşyldy.

 

Brifingiň dowamynda sebitleýin integrasiýany we özara arabaglanyşygy ösdürmek babatyndaky başlangyçlar öňe sürlüp, gatnaşyjylaryň arasynda özara pikirler alşyldy.

 

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi S.Pälwanow gepleşiklere işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň ulag pudagynda ýetilen sepgitleri belläp geçdi we sebitara gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle hem, brifingiň dowamynda Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerini beýan edýän çykyşlar hem-de wideolar görkezildi.

 

Merkezi Aziýanyň esasy ulag merkezi hökmünde Türkmenistanyň bu babatda mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar şeýle çäreleriň ýygy-ýygydan guralmagynyň zerurlygy barada umumy netijä geldiler.

 

Şeýle duşuşyklar Türkmenistanyň ulag ulgamyna çuňňur düşünmäge ýardam etmek bilen, ýurduň ulag pudagynyň bilermenleriniň hem-de wekilleriniň arasynda göni aragatnaşygyň saklanmagyna oňaýly täsirini ýetirer.