Oraza baýramy mynasybetli 10-njy aprelde dynç güni berler

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Oraza baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi.

 

Oraza baýramyny bellemek hakynda

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

 

1. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde bellemeli.

 

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.