Hususy kompaniýalar Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyny ösdürmäge goşandy üçin sylaglandylar

Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyny ösdürmäge goşandy üçin ýerli we daşary ýurt kompaniýalaryň sylaglanyş dabarasy geçirildi.

Ýeňijiler Türkmenistanyň dürli ulag agentlikleriniň hem-de edaralarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň adyndan sylaglandylar.

Daşar ýurtlylardan sylaglananlaryň arasynda Latwiýanyň KELK ulag kompaniýasy, Özbegistanyň “TRANSGROUP Systems L.P.” kompaniýasy, Gazagystanyň TransCaspian Logisticis, Azerbaýjanyň KASPAR kompaniýalary, şeýle hem Magic EURO ASIA Logisticis FZ bar.

Sylaglara hususy türkmen kompaniýalarynyň onusy, şol sanda Türkmenistanda ýurduň ulag-üstaşyr kuwwatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen halkara çärelerini üstünlikli geçirýändigi üçin Turkmen Forum HJ, şeýle hem Hazar Logisticis, TULM, Döwrebap ulag merkezi, EGE, At abraý, Saglyk bagy, Guşgy, Türkmen hyzmat täjirçilik we Ýerlikli hyzmat mynasyp boldular.

Şeýle hem “Turkmen Logistica” (TLA) assosiasiýasy hem-de Türkmen halkara awtomobil daşaýjylar assosiasiýasy (THADA) sylaglara mynasyp boldular. Olaryň işi türkmen ýük daşaýjylarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryny ýola goýmagyna ýardam edýär.