Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen halkara awtomobil gatnawlary hakyndaky Ylalaşygy tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak barada» Kanuna gol çekdi.

 

Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi.

 

Bu Ylalaşyga 2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabatda geçirilen hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisinde gol çekildi.

 

Resminamanyň esasy maksady özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekden, ýurtlaryň arasynda ýolagçy we ýük daşamak hyzmatlaryny ösdürmekden ybaratdyr.