Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!

 

Eziz watandaşlar!

 

Sizi adamzadyň ahlak we ruhy päkligini dünýä ýaýýan gadymy baýramlaryň biri bolan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Haýyr-sahawatlylygyň, ýagşylygyň, ynsanperwerligiň belent nusgasyna öwrülen Oraza baýramynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň dünýä ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan hem-de beýik geljegimiz üçin yhlasly zähmet çekýän, döredýän, gurýan merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýjakdygyna berk ynanýaryn.

 

Dostlugy, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi ýörelge edinen merdana halkymyz keremli Oraza aýyna hem-de yslam medeniýetiniň iň gowy taglymatlaryna, ynanç-ygtykatlaryna, ahlak gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Oraza aýynda-da parz we wajyp ýörelgelerden ugur alnyp, agyz beklendi, adat-dessurlar berjaý edildi, tarawa namazlary okaldy. Her bir maşgalada, bütin jemgyýetimizde köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýan däp-dessurlarymyz amal edilip, agzaçar sadakalary berildi, eziz Watanymyzyň abadançylygy we rowaçlygy, il-günümiziň bagtyýarlygy üçin aýat-töwirler okaldy.

Mukaddes Oraza aýynyň sahawatly günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gadymy Änew şäherinde Seýit Jemaleddiniň adyny göterýän metjit, şeýle hem mukaddes Gurhany Kerimiň ilkinji aýatlarynyň iberilen Gadyr gijesine gabatlanyp, Hazar, Ruhubelent, Döwletli, Şatlyk şäherçelerinde täze metjitler açylyp ulanmaga berildi.

 

Ynsanperwerlik, adalatlylyk, rehimdarlyk ýörelgelerimizden ugur alnyp, jenaýat edip, iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesiniň hormatyna günäleri geçildi. Bularyň ählisi jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygynyň, milletimiziň ahlak kämilliginiň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň binýadyny has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Eziz watandaşlar!

 

Adamzat taryhynyň bütin dowamynda türkmenler iň gadymy medeniýetleri we döwletleri döretmekde, adalatly jemgyýeti gurmakda, parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi dabaralandyrmakda baý tejribesi bolan halk hökmünde tanalýar. Muhammet Gaýmaz Türkmen, Abdylla ibn Mübärek, Mahmyt Zamahşary, Abu Seýit Abulhaýyr, Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly akyldarlarymyz ýagşy hem ýaman, halal hem haram, haýyr hem şer, günä hem sogap, çyn hem ýalan baradaky öwüt-ündewleri arkaly ynsanyň ruhy dünýäsine we ahlagyna täsir edýän umumadamzat bähbitli beýik pelsepe-garaýyşlary baky miras galdyrypdyrlar. Merdana ata-babalarymyzyň döreden gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklary, nusgalyk derejede kämilleşdiren Watany söýmek, halka wepaly bolmak, batyrlyk, edermenlik, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýaly ajaýyp milli häsiýetleri bu gün bizi belent maksatlara ruhlandyrýar, at-abraýy dünýä dolan Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Biziň şöhratly taryhymyz hem-de häzirki beýik döwrümiz halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda sazlaşygy üpjün edýär, dost-doganlygy rowaçlandyrýar.

Täze taryhy döwürde milli ýörelgelerimize, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan baý tejribesine esaslanyp, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän syýasaty alyp barýarys. Ýurdumyzyň her bir maşgala ojagynyň bagtyýarlygy, halkymyzyň rowaçlygy üçin durmuşyň ýokary derejesini üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirip, täze sepgitlere ýetýäris.

 

Hormatly adamlar!

 

Eziz watandaşlar!

 

Sizi adamzadyň ýokary ruhy we ahlak gymmatlyklaryny dabaralandyrýan Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Oraza aýynda we Gadyr gijesinde amal eden tagat-ybadatlaryňyz, tarawa namazlaryňyz, beren sadakalaryňyz, okan aýatlaryňyz, Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň has-da belende galmagynyň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna eden doga-dilegleriňiz Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun! Size berk jan saglyk, abadançylyk, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.