Türkmenistandaky uçar gatnawlarynyň tertibipandemiýadan öňki derejesine getiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ulag we kommunikasiýa agentliginiň baştutany Mämmethan Çakyýewe uçar gatnawlarynyň tertibipandemiýadan öňki derejesine getirmek boýunça işleri dowam etdirmekligi tabşyrdy.

 

Bu tema anna güni bolan hökümetiň giňeldilen mejlisiniň barşynda deglip geçildi, onda 2022-nji ýylyň işleriniň netijesine seretdiler.

 

Türkmen döwletiniň baştutany ykdysady taýdan has girdejili boljak täze ugurlar boýunça hem halkara uçuşlaryny açmak barada görkezme berdi. Şeýle hem ýük gatnatma ugurlaryny giňeltmek zerurlygy nygtalyp geçildi.

 

2022-nji ýylda «Türkmenhowaýollary» agentligi 2021-nji ýyl bilen deňeşdireniňde edilýän hyzmatlaryň mukdaryny 96,8% artdyrdy – diýip, Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Çakyýew hasabat berdi.