Adalat ministrliginde raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär
2024-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda, ýagny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 09:30-dan 12:00-a çenli geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-19-20; 39-19-21.