Türkmen milli konserwatoriýasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli konsertler tapgyry geçiriler

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe konsert geçiriler. Konsertler 12-nji, 17-nji we 27-nji aprelde bolar.

 

Konserwatoriýanyň talyp ýaşlary we mugallymlary tomaşaçylar üçin çykyş ederler. Olaryň arasynda halkara ýaryşlaryň baýrak eýesi Stella Faramazowa, «Türkmeniň Altyn asyry» baýragynyň eýeleri Begenç Moşşyýew, Bahar Durdyýewa we Türkmenistanyň halk artistleri Wladimir Mkrtumow, Bibijemal Amanowa ýaly meşhur ýerine ýetirijiler bar.

 

Konsert maksatnamasynda türkmen kompozitorlarynyň wokal we kamera eserleri bar.

 

Konsertler konserwatoriýanyň kiçi we uly zallarynda bolar. Başlanýan wagty — 17: 00. Girişler tölegsiz.