Aşgabat şäheriniň häkimine soňky gezek berk käýinç yglan edildi

Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, tabynlygyndaky düzümlere gözegçiligi gowşadandygy we Aşgabat şäherinde abadanlaşdyryş hem-de arassaçylyk işlerini geçirmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Aşgabat şäheriniň häkimi Gandymow Rahym Nurgeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Buýruga gol çekdi diýip,«Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.