Türkmenistan we Türkiýe üstaşyr we halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri türkmen-eýran döwlet araçäginde ýerleşýän «Artyk»gümrük nokadyna baryp gördüler.
Nokatda gümrük amallaryny ýokary hilde amala aşyrmak üçin döredilen şertler bilen tanşyp,wekiliýetiň agzalary we Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Türkmenistanyň çäginden gidýän üstaşyr we ikitaraplaýyn awtoulag ýük daşamalary amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi barada pikir alyşdylar.
Hususan-da, halkara awtoulag ýük daşamalarynda HÝD-y sanly kitapçalarynyň ulanylyş zerurlygy bellenip geçildi, şeýle hem daşalýan ýükler barada öňünden maglumat berilmegi nygtaldy.
Taraplar Döwlet gümrük gullugynyň sanlylaşdyrylmagynyň çäklerinde Türkiýäniň we Türkmenistanyň sürüjileri üçin ýeňillikleriň ulanylmagynyň netijelerine oňyn baha berdiler.