Anna güni, birža söwdalaşyklarynda nebithimiýa, ýeňil senagaty we gurluşyk önümleri satyldy

Anna güni, 12-nji aprelde, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan Yslam Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Şotlandiýa Döwletiniň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden suwuklandyrylan gaz, "TC-1" kysymly uçar kerosiny, "SN-350" we "SN-600" kysymly başlangyç ýagyny, şeýle-hem Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli kärhanasyndan nah ýüplük satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda türkmen işewürleri Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi Ministrliginden duz (flaat) aýnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 3 599 039,71 manada we 9 947 950,00 ABŞ dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.