Türkmen arheologlarynyň täze açyşlaryna garaşylýar

Düýn — 12-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

 

Hususan-da, häzirki wagtda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň ylmy ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik ylmy-barlag we rejeleýiş işleri üstünlikli dowam edýär. Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde geçirilen arheologik gözlegleriň netijesinde, ýadygärligiň dag eteklerindäki çäginde üýtgeşik käriziň üstünden baryldy. Gadymy Kärizek obasyny suw bilen üpjün eden kärizler toplumyndan şunuň ýaly seýrek gurluşyň ýüze çykarylmagy kärizleriň bu gurluş usulynyň Ahal welaýatynyň çäginde gadymy döwürlerden bäri ulanylyp gelnendigini subut edýär. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda hem olar barada giňişleýin bellenilýär. Bu ajaýyp eserden ruhlanyp, türkmen hünärmenleri we alymlary degişli işleriň ýazky möwsümine girişdiler.

 

Soňky ýyllarda toplanan ylmy maglumatlary öz wagtynda çap etmek, geljek nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň we beýleki döwletleriň alymlarynydyr hünärmenlerini tanyşdyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň gadymyýeti», «Köneürgenjiň arhitektura mirasy», «Merwiň taryhy-medeni ýadygärlikleri», «Nusaýyň Parfiýa galalary» atly kitaplar hem-de «Asyrlaryň yzlary» atly ýöriteleşdirilen ylmy neşir çap edildi. Bulardan başga-da, şu ýyl Medeniýet hepdeliginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň Döwlet reýestrini kitap görnüşinde çap etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

 

Medeniýet ministrligi bilen dünýäniň tanymal ylmy merkezleriniň arasynda ozal gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, Goňurdepe ýadygärliginde bilelikdäki türkmen-rus, «Togalak — 1» ýadygärliginde bilelikdäki türkmen-italýan arheologiýa toparynyň, Köne Nusaý galasynda bilelikdäki türkmen-italýan arheologiýa toparynyň, Daňdanakan galasynda bolsa bilelikdäki türkmen-amerikan arheologiýa toparynyň işleriniň dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär.

 

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baý medeni mirasyny giňişleýin öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň döwlet ähmiýetli möhüm wezipeleriň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň sebitlerinde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik ylmy-barlag we rejeleýiş işlerini yzygiderli geçirmegiň wajypdygy aýdyldy. Döwlet Baştutany wise-premýere bu ugurdaky döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.