“Türkmenistan” awiakompaniýasy 20-nji martdan Londona we Pekine gatnawlary täzeden dikeldýär
2023-nji ýylyň 20-nji martyndan “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçuşlarynyň geriminiň ýene-de iki şäherler – London we Pekin bilen üsti ýetirilýär. Ozal, pandemiýa çenli döwürde, türkmen “laçyny” şu ugurlar boýunça ençeme ýyllaryň dowamynda uçdy. 23-nji fewraldan bu ugurlar boýunça petekler satuwa gelip gowuşdy diýlip.
Aşgabatdan (ASB) Pekine (PEK) gatnawlar häzirlikçe hepdede iki gezek ýerine ýetiriler – ilkinji uçuş 24-nji marta meýilleşdirildi. Londona Stansted (STN) howa menziline uçarlar hepdede bir gezek – iň ýakyn wagtdakysy 20-nji martda uçup başlar. Ozal, türkmen awiakompaniýastynyň uçarlarynyň Londonyň Hitrou howa menziline gonandyklaryna üns çekmek gerek. Indi türkmen uçarlary London Stansted Airport-na gonarlar.