Berlinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň Berlindäki ilçihanasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» we «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.
Çärä Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri, talyplar, raýatlar we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň dürli döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.
Tanyşdyryş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ata-babalardan galan däp-dessurlara esaslanýan mynasyp nesli kemala getirmekde alyp barýan işleriniň, şeýle hem ýurduň baý medeni mirasyny gorap saklamak we ýaýratmak syýasatyndaky möhüm roly görkezildi.
Şeýle hem gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň ýygnagynyň ähmiýetini bellediler.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyryň Watany baradaky goşgulary türkmen we nemes dillerinde okaldy.
Bu çäre türkmen halkynyň myhmansöýerligini alamatlandyrýan milli tagamlar bilen tamamlandy.