Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylara

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

 

Gadyrly myhmanlar!

 

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

 

Türkmenistan üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara guramalaryň meýdançalarynda hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Garaşsyz ýurdumyz bu ugurda uly maksatlary nazarlaýan başlangyçlary öňe sürüp, bu babatda köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmeginiň öňbaşçysy boldy.

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda dürli ýyllarda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly multimodal geçelgeleriň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmegiň ýolunda», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar kabul edildi. Şeýle hem «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnama kabul edilip, her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi.

Uly ähmiýete eýe bolan bu mejlisiň geçýän günlerinde, ýagny şu ýylyň 16-njy aprelinde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeliginiň geçirilýändigini we onuň çäginde Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki duşuşygynyň hem-de durnukly ulag boýunça ýokary derejeli mejlisiň geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek.

 

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

 

Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Tejen — Sarahs — Maşat, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Kerki — Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara demir ýollary, Zerger — Kerki — Kerkiçi, Aşgabat — Garagum — Daşoguz demir ýollary, şeýle hem Kerki — Kerkiçi, Türkmenabat — Farap demir ýol köprüleri gurlup ulanmaga berildi.

Türkmenistan ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça möhüm ýollarydyr merkezleri birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümlerini mundan beýläk-de giňeltmegi möhüm meseleleriň hatarynda goýýar. Hususan-da, 2016-njy ýylda BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda geçirilen ählumumy maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Beýannamasyny, 2017-nji ýylda baglaşylan «Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygy (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyk)», TRACECA ulag geçelgesini görkezmek bolar. Şeýle hem Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran üstaşyr ulag geçelgesini ösdürmek we ýükleriň geçirilişini işjeňleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bulardan başga-da, «Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe —Ýewropa» halkara multimodal üstaşyr ulag ugruny ösdürmek babatda hem agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.

 

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

 

Türkmenistan bu gün multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamyny, şol sanda demir, awtoulag, deňiz ýollary, portlar ýaly infrastrukturalary ösdürmek we goldamak üçin döwlet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny jebisleşdirmegiň, bu ugra maýa goýumlary çekmegiň möhümdiginden ugur alyp, bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň döredilmegine aýratyn üns berýär. Türkmenistan 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulagy düzümleriniň sazlaşykly ösdürilmegi, sebit derejesinde utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagy esasynda halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň ugurlaryny giňeltmek babatda tagalla edýär.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

 

Gadyrly myhmanlar!

 

Sizi Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.