Konsert-gepleşik Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny wagt we özleri hakda pikirlenmäge çagyrýar
2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde sagat 16.00. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, döwlet baýraklarynyň eýesi, dosent Berdiniýaz Rejepmedowyň 80 ýaş ýubileýine gabatlap «Konsert-dialog» atly aýdym-sazly duşuşygy geçirilýär.
Berdynyýaz Rejepmedow - Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» kafedrasynyň dosenti, 1991-nji ýylda ýokary derejeli mugallym, 1992-nji ýylda Türkmenistanyň Magaryfynyň otliçnigi, 1993-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, 1996-nji ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy, 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli «Ýubileý medaly» bilen sylaglanyldy, 2023-nji ýylda «Gaýrat» medaly bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri Berdynyýaz Rejepmedow 1943-nji ýylyň dekabr aýynyň 18-ne Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde dogulýar. 1953-1959-njy ýyllarda Respublikan sazçylyk mekdep internatynda okaýar. 1959-1963-nji ýyllarda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk üçilişesinde okaýar we şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestrinde praktikant işgäri bolup işleýär.
1963-1968-nji ýyllarda Daşkent döwlet konserwatoriýasynyň orkestr saz gurallary fakultetinde Özbegistanyň halk artisti, professor Usman Rozakulowiç Razakulowyň klasynda okaýar we okuwdan boş wagty Özbegystanyň Içeri işler ministrliginiň Ýokary okuw mekdebiniň çeper höwesjeňler orkestriniň ýolbaşçy we dirižýory bolup işleýär.
1966-njy ýylda Orta Aziýa respublikalarynyň we Gazagystanyň arasynda geçirilen üflenip çalynýan saz gurallarynda ýerine ýetirijileriň arasynda Laureat bolýar.
1977-nji ýylda TSSR-iň KP Aşgabat şäher obkomynyň Marksizm-Leninizm Uniwersitetiniň etika we estetika fakultetinde okaýar.
1982-nji ýylda Bütinsoýuz hünär derejesini ýokarlandyrmak institutynda “Üflenip çalynýan saz gurallaryň metodikasy” fakultetinde okaýar.
1968-nji ýylda harby gullugynda bolan döwri Habarowsk şäherinde ýerleşen Uzakgündogar harby okrugynyň aýdym we tans orkestriniň solisti we dirižýory bolýar, şol ýerde harby orkestriň dirižýorynyň ýokary derejesini alýar.
1978-nji ýylda SSSR-iň harby güýçlerininiň medeniýetiniň otliçnigi bolýar.
B.Rejepmedowyň üflenip çalynýan saz gurallary orkestriniň çeper ýolbaşçysy we dirižýory hökmünde çykyşlary duýgy baýlygy, saz eserleriň ajaýyp ýerine ýetirilmegi, dirižýorçylyk elleriniň manylylygy we tutanýerliligi, ýerine ýetirilýän eseriň ideýalaryny diňleýjilere ýetirmek ukyby bilen tapawutlanýar.
1969-njy ýylda garby gullugyndan gaýdyp gelmeginden soňra Zähmet Gyzyl Nyşany alan Magtymguly adyndaky Akademiki Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň orkestriniň solisti bolup işläp başlaýar, şol ýerde 20 ýyldan gowurak wagt işleýär we teatryň repertuarynda 70-den gowurak spektakllarda saz çalýar.
1975-1976-njy ýyllarda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk üçilişesiniň direktory wezipesinde zähmet çekýär.
1979-1986-njy ýyllarda Leningrad (Sankt-Peterburg) şäheriniň 1-nji Merkezi sazçylyk mekdebiniň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň müdiri wezipesinde işleýär.
1987-1992-nji ýyllarda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň direktory wezipesinde işleýär, şol bir wagtyň özünde çagalar we ýaşlar üçin döredilen Türkmenistanyň halkara sazçylyk merkeziniň Prezidenti wezipesini ýerine ýetirýär.
1972-nji ýylda Türkmen döwlet pedagogik sungaty institutynyň, soňra Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň üflenip we kirişli saz gurallary kafedrasyny esaslandyryjylaryň biridir.
1992-2000-nji ýyllarda konserwatoriýanyň döredijilik we terbiýe işleri boýunça prorektory wezipesinde işleýär.
Şol döwürden başlap üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasyna 30 ýyldan gowurak wagt ýolbaşçylyk edýär.
B.Rejepmedow Türkmenistanyň kompozitorlar birleşiginiň plenumlarynda we gurultaýlarynda türkmen kompozitorlarynyň döreden täze saz eserlerini ilkinji gezek ýerine ýetirýär, olaryň arasynda: M.Rawiçiň “Sonatasy”, Ç.Artykowyň “Klarnet we orkestr üçin konserti”, A.Agajykowyň, S.Nuryýewiň, D.Nuryýewiň, Ç.Nurymowyň, N.Halmämmedowyň, M.Ataýewiň, H.Magtymgulyýewiň, K.Nazarowyň, A.Tagyýewiň, J.Gurbangylyjowanyň saz eserleri bar.
Zähmet Gyzyl Nyşany alan Magtymguly adyndaky Akademiki Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň çeper ýolbaşçysy we direktory, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, dosent Aman Kakabaýewiç Çakanow onuň ýerine ýetirijilik işine şeýle häsiýetnama berýär: «Çuňňur mähirliligi, artistçilik temperamenty, stili nepis inçeligi bilen duýmagy, ajaýyp tehniki mümkinçilikleri, işe bolan joşgunlylygy we yzygiderli kämilleşmegi – bularyň ählisi ussat sazandanyň ýerine ýetirijilik keşbiniň alamatlarydyr».
Zehinli sazandanyň ýerine ýetirijilik işi hem dürli-dürlidir, ol: Türkmenistanyň teleradioýaýlymynyň estrada orkestriniň artisti, sowet goşunynyň Serkerdeler Öýüniň ansamblynyň orkestriniň solisti, opera we balet teatrynyň solisti, kamera ansambly we konsertmeýster klasynyň illýustratory bolup işleýär.
B.Rejepmedow saz-jemgyýet işlerini uly höwes bilen alyp barýar, ol Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Çagalar fondunyň döredilmegi üçin uly aladalar edýär.
Türkmen kompozitorlaryň döredijiligini we klassyky sazy wagyz etmekde netijeli işleri alyp barýar. Sypaýy we mylakatly, işeňňir we erjeli bolup, ol kärdeşleri hem ýaş sazandalar bilen netijeli döredijilik işlerini juda ýeňillik bilen ýola goýýar, şonuň bilen bilelikde olara tejribe işlerinde uly kömek berýär.
B.Rejepmedow sazandalaryň arasynda ussat döredijilik şahsyýet hasaplanylýar we onuň uly professional abraýy bar.
Onuň okuwçylarynyň biri, häzirki döwrüde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň bölüm müdiri we mugallymy Oktaý Abbasowiç Najafow öz mugallymy barada şeýle sözler aýdýar: «Onuň sapaklarynyň atmosferasy hemişe işjeňlik bilen alynyp barylýardy, şonuň bilen bilelikde mugallymyň hoşniýetli we akgöwünlik bilen ýüzlenmegi täsin derejede talap ediji tertipliligi bilen utgaşyp gidýär, oňa boýun bolmak bolsa juda tebigy ýagdaý bolup galýandyr».
Zähmetsöýer diňleýjileriň öňünde, harby gospitallarda alyp baran netijeli ýerine ýetirijilik we harby berkitmelerde konsert-guramaçylyk işleri üçin B.Rejepmedow: «Obalaryň üstünde medeniýet şefliginiň otliçnigi», «Serhetçileriň II derejeli otliçnigi», «SSSR-iň Medeniýet ministrliginiň otliçnigi» ýaly nyşanlara, şeýle-de Sebit we Halkara bäsleşikleriniň emin agzalarynyň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň köp sanly döwlet we jemgyýet guramalarynyň hormat hatlary bilen sylaglanýar.
B.Rejepmedow döredijilik işlerini amala aşyran döwri köp sanly ylmy-usulyýet işlerini ýazýar, olaryň arasynda: çagalar sazçylyk mekdepleri, sazçylyk uçilişeleri we konserwatoriýa üçin okuw maksatnamalary; türkmen kompozitorlarynyň eserlerinden döredilen ýygyndylary; üflenip çalynýan saz gurallary üçin opera we balet eserlerinden orkestr kynçylyklary atly ýygyndylary; klarnet hünäri boýunça okatmagyň usulyýeti atly gollanmany; köp sanly halk we klassyky sazlaryň ansambl, orkestr we solo saz gurallary üçin täzeden işlemegi ýaly gollanmalary taýýarlaýar.
B.Rejepmedowyň ýüzden gowurak okadan uçurymlary döwletimiziň ähli künjeklerinde we daşary ýurtlarda medeniýet ugrynda işleýärler we türkmen professional saz sungatyny wagyz edýärler. Olaryň arasynda milli we halkara bäsleşikleriň hem festiwallaryň layreatlary: Aman Potdyýew, Rahman Çaryýew, Täçmyrat Berdyýew, Witaliý Petrow, Sergeý Malinowskiý, Elhan Agaýew, Nariman Guseýnow, Şirhan Batyrow, Hydyr Esenow, Tahyr Ahmedow, Ysmail Akmyradow, Mihail Mamedow, Emil Hudyýew, Oktaý Najafow.
Onuň okuwçylary halypanyň iň bir gowy taraplarynyň esaslaryny kabul edip alýarlar: onuň iň bir gowy adamkärçilik häsiýetleri – ýürekdeşliligi, açyk göwünligi, dostlyk gatnaşyklary, işeňňirligi we işe bolan uly gyzyklanmalary, saza wepalylygy we yzygiderli kämilleşmegi; şeýle-de professional derejeleri – saz ukyby, ajaýyp temperamenty, klarnet saz guralynyň ähli diapazonynda täsin mylakatly owazlanmagy, tehnikany erkin özleşdirmegi we baý döredijilik hazynasydyr.
B.Rejepmedowyň iň bir gowy okuwçylaryndan Türkmenistanyň at gazanan artisti Wahit Ryzaýew hem Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Wladimir Serikow mugallym bilen geçen sapaklaryny ýatlap, şeýle sözler aýdýarlar: «Takyk, jikme-jik işi alyp barmagy, hemişe saz eseriň bitewi göwrüminiň gurulmagyna, ýagty we ýadyňda galjak saz keşbiň döredilmegine, nepis intonirlenmegine gönükdirilýär. Biz hemişe uly hormat goýmak bilen halypamyzy ýatlaýarys. B.Rejepmedow – çal saçly adam we hemişe ýaşlyk ruhy bolan sazandadyr!».
Konsert maksatnamasynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň nusgawy eserleri ýerine ýetiriler, olardan: W.Muhatowyň «Ilki söýgim nirde sen», Ç.Nurymowyň «Toý aýdymy», M.Annamyradowyň «Keremli söz», L.Densa «Hiňňildikde», Eduardo di Capua «O Sole Mio» aýdymlary, Teodoro Cottrau «Santa Lucia», J.Werdiniň «Rigoletto» operasyndan parçalar we ariýalar, I.Bramsyň «Wenger tansy», K.Sen-Sans «Rondo-kapricciosa», F.Mendelson «Iki klarnet üçin konsert», J.Bizeniň «Karmen» operasyndan «Antrakt», I.Ştrausyň «Wenski marş» ýaly eserleri ýerine ýetiriler.
Konsertde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri, Halkara bäsleşikleriniň ýeňijileri we diplomantlary Stella Faramazowa, Aýbölek Muhyýewa, Aýna Seýitkulyýewa, Begenç Moşşyýew, Röwşen Baýramow, Döwran Gylyjow we talyplar çykyş ederler.