Türkmenistan we Gazagystan halkara awtoulag daşamalaryny artdyrmagy meýilleşdirýärler
Halkara awtoulag daşamalaryny mundan beýläk-de artdyrmagyň we ösdürmegiň meseleleri awtoulag ulagy boýunça türkmen-gazak Bilelikdäki komsissiýasynyň nobatdaky mejlisiniň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gazagystan tarapyndan wideoşekilli aragatnaşyk boýunça duşuşyga respublikanyň Senagat we infrastruktura ösüşi ministrliginiň Ulag komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Iki ýurduň ulag babatyndaky netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýol magistralynyň ulanylmagy bolup durýar, şol ugur boýunça ýükler Pars aýlagynyň ýurtlaryna, Hindi ummany sebitine we Ýewropa ugradyp bolýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Gazagystanyň ulag-logistika kompaniýalarynyň özara hyzmatdaşlygy işjeňleşýär. 2021-nji ýylda «Türkmen Logistika» birleşmesi (TLA) we Gazagystanyň ulagçylarynyň birleşmesi (KAZLOGISTICS) hyzmatdaşlyk barada ähtnama gol çekdiler.