Ahal welaýatynyň häkimine täze orunbasar bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Annamyradowiç Kakabaýew Ahal welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.
Döwlet Baştutany degişli resminama şu gün --- 15-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.