Türkmenistanyň Daşary işler ministi we Özbegistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygynyň maksatnamasynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barad Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar beýär.

 

Duşuşygyň dowamynda dostlukly we hoşniýetli türkmen-özbek gatnaşyklarynyň, ikitaraplaýyn çuňňur strategiki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ýaly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özara söwda dolanyşygynyň ösýändigi, şol bir wagtyň özünde hem senagat kooperasiýasy, energetika, ulag we logistika, oba hojalygy pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilýändigi aýratyn kanagatlanma bilen bellenildi.

 

Sebitara gatnaşyklar we medeni-ynsanperwer ugrundaky hyzmatdaşlyk has-da giňeýär. Şu ýyl Özbegistanda türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly birnäçe çäreler geçiriler.

 

Öňde boljak ýokary derejeli duşuşyklara taýýarlyk görmegiň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze gün tertibiniň döredilmegine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.