«Türkmenaragatnaşyk» agentligi we Thales Alenia Space hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Aşgabatda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň Thales Alenia Space aeroälem enjamyny öndüriji fransuz kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Taraplar mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we dürli işewürlik teklipleri bilen çykyş etdiler.

 

Duşuşykda fransuz kompaniýasyna eksport boýunça wise-prezident Erik Imbert we Ýewraziýa sebiti boýunça wise-prezident Kistof Lanowski wekilçilik etdiler.

 

Gepleşiklerde Türkmenistanyň we Thales Alenia Space kompaniýasynyň özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli tejribesine eýedigi, hususan-da, ilkinji TürkmenÄlem 52.0E hemrasyny döretmekde tejribesiniň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi taraplaryň ikisine-de bähbitli görünýär.

 

Şeýle hem duşuşykda Thales Alenia Space kompaniýasynyň wekilleriniň üstümizdäki ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek «TurkmenTel-2023» halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar.

 

Thales Alenia Space kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistanda işjeň ösýän älem pudagy üçin inženerleri we operatorlary taýýarlamak okuwy guramaga taýýardyklaryny hem nygtadylar.