Türkmenistanda BMG-Habitat-yň Sebitleýin edarasyny açmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
16-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriň orunbasary M.Bäşimowa bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji M.Mlynaryň ýolbaşçylygyndaky BMG-Habitat-yň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Gepleşikleriň çäklerinde taraplar geljegi uly ugurlar hökmünde şäher gurluşyk kanunçylygy pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we ýokary tehnologiýaly, ekologiýa taýdan arassa, durmuş taýdan uýgunlaşan şäherleri ösdürmek üçin ählumumy maksatnamalarydyr strategiýalary durmuşa geçirmek meselelerine garadylar.
Şunuň bilen baglylykda duşuşygyň dowamynda ýurtda BMG-niň wekilçiligini giňeltmek maksady bilen Türkmenistanda BMG-Habitat-yň Sebitleýin edarasyny açmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler gatnaşyklary berkitmäge ygrarlydyklaryny we hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen dolduryp, mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardyklaryny bellediler diýlip, habarda bellenilýär.