Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi dabaraly ýagdaýda açyldy

Şu gün — 17-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatyny has-da artdyrjak Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» gazeti habar berdi.

 

Prezident Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşmak üçin Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýakynyndaky awtobana girilýän menziliň golaýyndaky meýdança bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, köp sanly işewürler hem-de welaýatyň ýaşaýjylary garşylady.

 

Aýdym-sazly dabara

Dabaranyň geçirilýän ýerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýörite taýýarlanan ýerde çykyş edip, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti, döwrebap awtobanyň aýratynlyklary barada belledi. Soňra Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygy we onuň ugrunda döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berýän wideoşekiller görkezildi.

 

Döwrebap awtobanyň aýratynlyklary

Prezident Serdar Berdimuhamedow baştutanlygynda ýurdumyzda sebit we dünýä ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek arkaly berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy hem şeýle asylly işleriň has-da rowaçlanmagyny şertlendirýär. Döwrebap awtoban ýurdumyzyň sebitlerini biri-birine baglap, ýolagçylaryň we ýükleriň gysga wagtda, bökdençsiz gatnadylmagyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň ýol ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyryp, logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga uly goşant goşar.

Awtoban alty hereket zolagyndan ybaratdyr. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metre, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metre barabardyr. Munuň özi dünýäde şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär. Ýoluň hereket bölegi biri-birinden ýörite zolak arkaly bölünýär. Her ugurda hereket zolagyna adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak, suwly ganaw hem-de haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewler sepleşýär.

 

Halkara sertifikatlar — ýokary hiliň güwäsi

Açylyş dabarasynyň dowamynda Awstriýanyň, Fransiýanyň we Ýaponiýanyň ugurdaş kompaniýalarydyr guramalary tarapyndan döwrebap awtobanyň Tejen — Mary böleginiň halkara hil standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan sertifikatlar gowşuryldy. Ýoluň gurluşygynyň dünýä ülňülerine, häzirki zaman halkara talaplaryna kybap gelýän derejede ýerine ýetirilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň we şol kuwwatyň halkymyzyň bähbidine, türkmenistanlylaryň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilýändiginiň nyşanydyr.

 

Halkyň bagtyýarlygynyň nyşany

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň ýaşaýjylaryna hyzmat etjek täze, döwrebap awtoulaglaryň 200-e golaýyny sowgat etmegi dabaranyň ýatdan çykmajak pursatlarynyň birine öwrülip, ildeşlerimiziň buýsanjyny artdyrdy. Halkara ähmiýetli ýoldan ilkinji bolup geçen ulaglaryň hatarynda baýramçylyk lybasyna beslenen gelnalyjy kerweniniň hem bolmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşda ýaşap, halal zähmetiň hözirini görýändikleriniň hem-de şanly wakalary şatlykly, dabaraly ýagdaýda belleýändikleriniň nyşanyna öwrüldi. Ýurdumyzda bagtyýar maşgalalaryň emele gelýändigini aňladýan gelnalyjy kerweni ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Diýarymyzyň her bir gününiň şatlyk-şowhuna, toý-baýramlara beslenýändigini alamatlandyrýar.

Ýolagçylar üçin oňaýlyklar we döwrebap hyzmatlar

Ýoluň ugrunda köp sanly köprüler, ýerasty we ýolüsti geçelgeler, suw geçirijiler, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýangyç guýujy beketler guruldy. Olar ýokary tizlikli awtomobil ýolunda hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmäge, ýolagçylar üçin ähli amatlyklary döretmäge mümkinçilik berýär. Täze ýoluň ugrundaky söwda nokatlary, naharhanalar we myhmanhanalar, ulag serişdelerine hyzmat ediş zolaklary döwrebap awtoban boýunça hereketiň mümkingadar rahat we oňaýly bolmagyna ýardam edýär. Ýolagçylara gije-gündiziň dowamynda hyzmat etjek desgalarda tölegleri nagt we elektron görnüşde tölemäge mümkinçilik döredilendir. Awtobanyň Tejen — Mary böleginiň ugrunda «Ak ýol» söwda merkeziniň hem-de «Altyn balyk» naharhanasynyň döwrebap hyzmatlary hödürleýändigini aýratyn bellemek gerek.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda Diýarymyzda şeýle ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi ata-babalarymyzyň ýol çekmek, köpri gurmak ýaly sogaply işleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň, Watanymyzyň bedew bady bilen ösýändiginiň, gadymyýetde halklary we medeniýetleri biri-birine baglan Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Döwrebap awtoban ýurdumyzyň sebitleriniň arasyndaky ulag gatnawlaryny has-da kämilleşdirmäge, ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini görnetin ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge uly mümkinçilikleri açýar.