Barlag geçiriş bölümleriniň işgärleri üçin töwekgelçilikleri ýüze çykarmak we jenaýatlary derňemek üçin maslahat geçirildi
15-16-njy aprelde Aşgabat şäherinde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Serhet Dolandyryşyna Kömek Maksatnamasy (BOMCA 10), Merkezi Aziýanyň Hukuk goraýyş guramasy (LEICA) maksatnamasy bilen bilelikde töwekgelçilikleri ýüze çykarmak we jenaýatlary derňemek üçin jogapkär barlag geçiriş bölümleriniň işgärleri üçin maslahat gurady.
Bu maksatnamaly çäre oňa gatnaşyjylary töwekgelçilik ýagdaýlarynyň we görkezijileriniň işlenip düzülmegine gatnaşýan ÝB-niň töwekgelçilik derňew bölümleriniň modelleri bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär.
Litwanyň Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky Döwlet serhet gullugy we Gümrük jenaýat gullugy hem-de LEICA-nyň hünärmenleri maslahata gatnaşyjylary tejribede ulanýan usullaryny: maglumat derňewi, maglumat alyş-çalyş ulgamy, gözegçiligi amala aşyrýan ýurt içinde we serhetara jenaýatlar boýunça işgärleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň modellerini we IT tehnologiýalaryny tanyşdyrdylar.
Hünärmenleriň serhetara jenaýatlary ýüze çykarmaga we derňemäge gönükdirilen hukuk goraýjy seljeriş işlerini ösdürmek, güýçlendirmek üçin tekliplerine garaşylýar.