1-nji martdan başlap, AşGTS täze nyrhnamalary girizýär

2023-nji ýylyň 1-nji martyndan ÝGPJ «Aşgabat şäher telefon tory» internetiň tizligini ýokarlandyrar we nyrhnamanyň bahasyny peselder. Indi öýde ulanylýan internetiň iň pes tizligi 1 mbit/s bolar, iň ýokary tizlik bolsa – 6 mbit/s deň bolar – diýlip, AşGTS-ň saýtynda habar berilýär.

 

Indi täze nyrhnamalar aşakdakylar ýalydyr:

 

1 mbit/s – 150 manat; 

 

2 mbit/s — 180 manat;

 

4 mbit/s — 230 manat;

 

6 mbit/s — 280 manat;

 

AşGTS-de ozal tizligi 150 kbit/s we aýlyk tölegi 150 manat internetden peýdalanan abonentleriň nyrhnamasyny bahasy üýtgedilmezden, (150 manat) awtomatik usulda 1 mbit/s tizlige geçirilýändigini düşündiripdiler.

 

2 mbit/s tizlikli we aýlyk abonent tölegi 200 manat bolan nyrhnamadan peýdalanyjylar awtomatik usulda aýlyk tölegi 180 manat bolan nyrhnama geçirilerler. 

 

Eger-de abonent ozalky 200 manatlyk nyrhnamadan mart aýy üçin eýýäm tölän bolsa we depozit ulgamyndan peýdalanan bolsa we beýleki aýlar üçin hem öňünden töleg geçiren bolsa, onda billing ulgamy abonentiň balansyny awtomatik usulda 180 manatlyk nyrhnama geçirýär, galan möçberi awans depozitine geçirýär.