Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Angolanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýadan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat öz ýurdunyň Türkmenistan bilen ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy bellenildi.
Diplomata ýurduň hukuk binýadyny toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň işi we düzümi barada hem gürrüň berildi.
Söhbetdeşlikde özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmak, netijeli döwletara dialogy giňeltmek maksady bilen, ysnyşykly parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi. Taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem parlament derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanylýan netijeleriň ähmiýetini bellediler.