Türkmenistan bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda ulag hyzmatdaşlygy baradaky resminamalara gol çekildi
Şu gün Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: Baglanyşyklylyk we ösüş” atly halkara maslahatynda Türkmenistanyň döwlet ulag agentlikleriniň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary daşary ýurtly hyzmatdaşlary we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler.
“Türkmendemirýollary” agentligi Hytaýyň raýat inžener-gurluşyk korporasiýasy bilen Türkmenistanyň demirýol infrastrukturasyny ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek taslamalary boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdi. Şeýle-de, bu korporasiýa bilen "Demirýollary" AGPJ-niň arasynda hem Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy bilen Germaniýanyň “Lufthansa Consulting GmbH” kompaniýasynyň arasynda tehniki hyzmat, abatlaýyş we ýük daşamak pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
“Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Gazagystanyň jogapkärçiligi çäklendirilen “Port Kuryk” jemgyýeti bilen deňiz ulagy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga gol çekdi.
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty bilen Özbegistan Respublikasynyň "Uztemirýolconteýner" Paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hem Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen Hytaýyň “China Machinery Engineering Corporation” (CMEC) korporasiýasynyň arasynda gämi gurluşygy pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekildi.
Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi bilen Owganystanyň ýük ekspeditor kompaniýalar Assosiasiýasynyň (AAFCO) arasynda halkara ýük daşamak pudagynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň hususy ulag kompaniýalary bilen olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň arasynda dürli Ylalaşyklara we özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.