«Tükmentelekom» internetiň nyrhlaryny arzanladyp, onuň iň ýokary tizligini artdyrar

1-nji martdan başlap «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy çäksiz internetiň nyrhnamalaryny aşakladýar, iň ýokary elýeterli tizligini bolsa fiziki şahslar üçin 6 mbit/s çenli ýokarlandyrýar. Bu barada türkmen prowaýderiniň saýtynda habar berilýär.

 

Nyrhnamalar şu aşakdakylar ýaly bolar:

 

– 1 Мbit/sek. – 150 manat,

 

– 2 Mbit/sek. – 180 manat,

 

– 4 Mbit/sek. – 230 manat,

 

– 6 Mbit/sek. – 280 manat. 

 

Şeýle hem 256 Kbit/s we 512 Kbit/s nyrhnamalar ýatyrylar. Tizligi 512 Kbit/s nyrhnama tölegli internetden (öňki bahasy - 150 manat) peýdalanýanlaryňky awtomatik usulda 1 Mbit/s nyrhnama geçiriler.

 

Ozal fiziki şahslar üçin elýeterli bolan çäksiz internetiň iň ýokary tizligi 2 Mbit/s deňdi. Nyrhnamanyň tölegi bolsa aýda 200 manada deňdi.