«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mejlisler zalynda «Agzybir maşgala – jebis jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
18-nji aprelde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mejlisler zalynda «Agzybir maşgala – jebis jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi18-nji aprelde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mejlisler zalynda «Agzybir maşgala – jebis jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek we çaga terbiýesiniň kämil bolmagyny gazanmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryndan we pudak edaralaryndan duşuşyga gatnaşan myhmanlar hem, öz çykyşlarynda ýaşlarymyzy gadymdan dowam edip gelýän däp-dessurlarymyzy hormatlamak ruhunda terbiýelemek barada täsirli gürrüňler berdiler.
Mundan başga-da, duşuşykda çykyş edenler raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ýaş nesliň döwrebap terbiýelenilmegi we döwrebap bilimi almagy üçin Türkmenistan ýurdumyzda ähli şertleriň bardygyny bellediler.