Azerbaýjan gämiçiligi Baku-Türkmenbaşy-Baku gatnawunda ulag hyzmatlarynyň bahasyny peseldýär

“Azerbaýjanyň Hazar Deňiz Gämiçiligi” (ASCO) ÝGPJ 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan Baku-Türkmenbaşy-Baku ugry boýunça iki tarapa-da ulag hyzmatlarynyň bahasyny aşak düşürýändigini yglan etdi diýip. 

 

Bir tarapa (Baku-Türkmenbaşy ýa-da Türkmenbaşy-Baku) tirkegli adaty ýük awtoulagynyň (ulagyň uzynlygy 16,5 metr) birini daşamak üçin baha ozal 1072 ABŞ dollary bolanlygyndan 1000 ABŞ dollaryna deň bolar.

 

Sürüji iki tarapa-da petegi öňünden satyn alanda, ozal baha 1716 ABŞ dollary bolan bolsa, indi 1600 ABŞ dollary bolar.

 

Nyrh eger-de tehnika 16,5 metrden gowrak ýa-da azrak bolsa, tekerli tehnikanyň proporsional uzynlygyna görä hasaplanylýar.

 

Şeýle hem fewralyň başyndan bäri agzalan ugurda ýeňillikli nyrhlar boýunça ýeňil awtoulaglaryň daşalýanlygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda gämide ýeňil awotulagy daşamagyň bahasy 325 däl-de, 200 ABŞ dollaryna deňdir.

 

Bahalaryň aşak düşürilmegi Türkmenistana tarap ugurda Hazar boýunça awtoulaglary daşamak üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir diýip