Türkmenistan «Kawasaki» kompaniýasy bilen «Marykarbamid» zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmakda hyzmatdaşlyk eder
19-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlaryň önümçilik ygtybarlylygyny gazanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda bellenilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, «Marykarbamid» zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen, ony önümçilikde ulanylýan çig mallar we himiki serişdeler, ätiýaçlyk şaýlary, enjamlar bilen yzygiderli üpjün etmek, göz öňünde tutulan tehniki kadalara laýyklykda bejermek, abatlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Döwlet Baştutanyň daşary ýurt kompaniýalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak babatda beren tabşyryklary esasynda, zawody taslama kuwwatyna çykarmak maksady bilen, «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýapon kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Marykarbamid» zawodyny bökdençsiz işletmek üçin, tehnologik kadalara laýyklykda, önümçiliklerde ulanylýan çig mallar, himiki serişdeler bilen yzygiderli üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen, Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasy bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça teklibi goldady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.