Türkmenistan we Owganystan demir ýol ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýärler

  Türkmenistan we Owganystan Serhetabat-Turgundy demir ýol ugry boýunça ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak barada ylalaşdylar.

 

«Türkmendemirýollary» agentliginiň wekilleriniň Owganystanyň demir ýollary Müdirliginiň Gerat şahamçasynyň wekiliýeti bilen duşuşygynyň barşynda gury ýer porty bolan Turgundynyň dolandyrylyşyny gowulandyrmak maksady bilen, Owganystanyň täjirçilik ýükleriniň howpsuz daşalmagy barada ylalaşyk gazanyldy. 

 

Häzirki wagtda Owganystana edilýän importyň uly bölegi Özbegistanyň çäginiň üsti bilen geçýän ýeke-täk demir ýol arkaly amala aşyrylýar. 

 

Türkmenistanyň Serhetabat şäheri bilen Owganystanyň serhetýaka şäheri bolan Turgundynyň arasyndaky demir ýol 1982-nji ýylda guruldy. Onuň uzynlygy 5,5 km deňdir.