Transrussiýa internet geçirijisi Günorta Koreýa çenli çekiler

«Новоя ТрансЕврАзийская волоконно-оптическая линия связи» (TEA NEXT) aragatnaşyk ulgamyny gurýan Russiýanyň «Атлас» kompaniýasy bu internet geçirijisini Günorta Koreýa çenli çeker we soňra ony Ýerwopa bilen birleşdirer.

Häzirki wagtda Nahodka – Pusan (Günorta Koreýa) suwasty aragatnaşyk ulgamy öwrenilýär. TEA NEXT-iň ne Demirgazyk buzly ummanynyň üsti bilen, ne-de Gyzyl deňziniň üsti bilen bäsdeşleriniň bolmajakdygy çaklanylýar.

TEA NEXT TransÝewrAziýa optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy Russiýanyň günbatar we gündogar çetlerini ýurduň iri şäherleri bilen baglanyşdyrar. Bu internet ulgamy Russiýanyň Mongoliýa hem-de Hytaý bilen araçäklerine çykyp, şeýle hem Nahodkadaky suwasty aragatnaşyk ulgamlarynyň kenardaky beketleri bilen birleşdiriler.

Optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslama göwrümi 96 süýüme deň bolar.

Geçen ýylyň aýaklarynda Russiýanyň «Ростелеком» telearagatnaşyk kompaniýasy TEA NEXT-iň üçünji tapgyrynyň gurluşygyna başlandygyny habar berdi. Ol Russiýanyň Mongoliýa bilen araçägine çykmak bilen, Toržok we Kýahta (Buratiýa Respublikasy) şäherleriniň arasynda aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegini göz öňünde tutýar. Şu ýylyň mart aýynda bolsa «Ростелеком» bu geçirijiniň Sank-Peterburgdan Moskwa çenli ikinji tapgyrynyň täjirçilik taýdan ulanmaga taýýardygyny habar berdi.

Optiki süýümi geçirijiniň gurluşygyny mundan beýläk-de dowam etmek üçin «ВЭБ.РФ» Taslamalary maliýeleşdirmek fabrikasynyň pul serişdelerini çekmek meýilleşdirilýär.

Günabatar ugry boýunça TEA NEXT geçirijiisi Latwiýa bilen araçäge çykdy, ýöne ondan aňyry geçmedi. Aziýa tarapynda bolsa Mongoliýa bilen araçäkdäki Kýahta şäherinden Hytaý bilen araçäge çenli bölegiň gurluşygyny mongoliýaly hyzmatdaşlar amala aşyrar.


Maglumat çeşmesi: Orient.tm