Türkmen diplomaty GDA-nyň Baş sekretary bilen Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň Hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşyk GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwadaky bölüminde geçirildi.

Taraplar GDA-nyň çäklerinde şu ýyl geçiriljek çäreleriň tertibini, şol sanda 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň Hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Maglumat çeşmesi: Orient.tm