Halkara Ene Ýer güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-de bilim ýygnagy bilen bellendi

BMGÖM Türkmenistandaky ÝUNISEF bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň (HGI) binasynda geçirilen Halkara Ene Ýer Gününi bellemek mynasybetli ýurduň talyplary bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda BMGÖM we ÝUNISEF-iň hünärmenleri talyplar bilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde we howa krizisine garşy göreşmekde ýaş nesliň orny, howa bilimi, has durnukly şäherleri döretmek, rejeli sarp etmek we galyndylary dolandyrmak ýaly temalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyk, Türkmenistandaky BMGÖM tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI bilen bilelikde 2030-njy ýyla çenli döwri üçin Durnukly ösüş pudagynda gün tertibine ýaşlary çekmek üçin başlanan "#TurkmenYouth4SDGs" bilim sessiýalarynyň bir bölegi hökmünde gurnaldy.

 

Maglumat çeşmesi: Orient.tm