«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde ussatlyk sapagy geçirildi

22-nji aprelde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde, ABŞ-nyň Dallas uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk hünäri boýunça magistr derejeli, «Signet Jewelers» kompaniýasynyň maglumat howpsuzlygy boýunça inženeri, Türkmenistanyň raýaty Allamyrat Tüýliýew ýurdumyzda IT-ulgamynda işleýän we bilim alýan ýaşlaryň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyñ, agentlikde zähmet çekýän hünärmenleriñ öňünde okuw sapagy bilen çykyş etdi.

Allamyrat Tüýliýew öz çykyşynda, sanly maglumat, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ulgamlarynda alnyp barylýan işler we öňde duran wezipeler barada giňişleýin gürrüň berdi.

Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda, tehniki serişdeler arkaly iberilýän we gaýtadan işlenýän maglumatlary goramak, ylmy-tehnologik, intellektual mümkinçiliklere esaslanýan sanly ulgama geçmegiň milli usulyny işläp taýýarlamak bilen bagly meseleler duşuşygyň esasy mazmunyny düzdi.  

 

Maglumat çeşmesi: turkmenportal.com