Eýranda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Baş konsullygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada HHM habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 18-nji aprelde bolan çärä Eýranda ýaşaýan magtymgulyşynaslar, edebiýatçylar, şahyrlar, edebi neşirleriň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň şöhratly taryhyny, baý milli medeni mirasyny öwrenmekde we ýaýratmakda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň ähmiýeti barada çykyş edip, kitabyň mazmunynyň maglumatlara baýdygyny, materiallaryň görkezilişiniň çuňlugy we aýdyňlygy bilen tapawutlanýandygyny nygtap geçdiler.

Kitabyň türkmen, iňlis we rus dillerinde ýazylmagy eseriň daşary ýurtly okyjylara kitap bilen tanyşmak üçin ýeňillikleri döretjekdigi aýratyn bellendi.

Medeni çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan elde çekilen suratlaryň sergisi we beýik türkmen şahyrynyň şygyrlarynyň okalyşy boldy.